Hedaýat (#11952)

Gorky hem umyt berýäniň ady bilen.
    Ýaradanyň Baş Sözi budur: Siz hapalykdan tämizlenen gursak bilen, dünýe reňklerinden päklenen köňül bilen, Ol Dana, Görüji we Güýçliniň ýanyna geliň hem Onuň bu Eýýamyna sezewar bolan zatlary getiriň. Bu gün didar günidir, çünki Taňry ýaşmaksyz aýdyň we äşgär bolupdyr. Janyňyz bilen baryň, belki ýetersiňiz we gerekli zady aňlarsyňyz. Eger Binyýaz günüň syrlaryna ýetjek bolsaňyz, takwa suwy bilen özüňizi nebisden we pes gylyklardan arassalaň. 
Düýniň röwşenligi ertir aýan bolýandyr. Üç zat bilen didara gowşup, halas bolup bilersiňiz: Köňül päkligi, göz arassalygy hem eşidýän zatlaryndan gulak tämizligi.
Sözle: Eý dostlar! Ýol salgy berýän geldi, sözleriň içinde sözleri belli, ýollaryň içinde iň aýdyň ýol Onuňdyr. Dogry ýol Onuň ýoludur, bu ýola geliň. Dogry söz Onuň sözüdir, bu kelama gulak salyň. Bu gün Taňrynyň Merhemet buludy ýagýar hem Danalyk güneşi ýagtylyk saçyp ýol görkezýär. Kimde-kim güman ýollaryny goýup, Hudaý ýoluny tutsa ol mertdir. Eý dostlar! Göz görmekden, gulak eşitmekden galmaz ýaly, Taňrynyň güýçli Elleri güman perdelerini ýyrtdy. Eşitmeli gündir bu gün. Ýeke-täk dostuň kelamyny eşidiň hem näme sezewar bolsa şony ýerine ýetiriň.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Hedaýat (#11951)

Ýa Ylahy, Ýa Magbut, Ýa Maksut, Ýa Kerim, Ýa Rahym!
    Janlar Sendendir we güýçler Seniň gudratyň astynda. Kimi göterseň dünýe mülkünden geçer we onuň orny “Iň Gözel we Belent Mekana” ýeter. Kimi ýyksaň gumdanam pesdir, belki puç hem ondan belentdir.
    Eý Perwerdigär! Biz erbetlik, günäkärlik hem takwasyzlyk bilen, Senden sadyklyk törüni soraýarys hem ol Gudratly Patyşa bilen duşuşmak isleýäris. Buýruk Seniň buýrugyň hem-de höküm Seniňdir we gudrat älemi Seniň permanyň astyndadyr. Näme etseň diňe adalatdyr, belki halys Jomartlykdyr.
    Seniň Rahman adyň ýalkymlarynyň ýekeje şöhlesi bu jahandan asylygy dargadyp ýok eder. Seniň äşgär bolan Günüň ýelleriniň birje şemaly, älemi täze don bilen bezär.
    Eý Başarjaň! Natuwanlara kuwwat ber, ölülere dirilik bagyş eýle. Belki Seni taparlar we Seniň Ägälik deňziňe tarap ýol sökerler we Seniň Emriňde dogry durarlar. Eger bu dünýäniň dürli-dürli dillerinden, Seniň senaň ýakymly ysy duýulsa, parhy bolmaz Arapçamy ýa Parsça, bary jana mahbup, ruha maksutdyr. Eger-de ol diller senadan mahrum bolsalar, labzyda bolmaz manysy-da bolmaz.
    Eý Perwerdigär! Bar ynsanlara ýol görkezip, olara hedaýat etmegiňi Senden dileýärin. Sensiň Kadyr we Başarjaň, Alym we Görüji.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Hedaýat (#11953)

Ýa Kerim, Ýa Rahym! 
    Seniň birligiňe, Seniň Ýeke-Täkdigiňe güwä geçýärin we Mülküň hem Melekutyň dowamynda Baky we Ebedi bolan zatlary senden dileýärin. Sensiň Melekutyň Eýesi. Sensiň hem gaýyp hem görünýän zatlaryň Soltany.
    Eý Perwerdigär! Bir garyp Seniň baýlyk bähriňe ýüz tutupdyr we bir saýyl Seniň Keremli saýaňy maksat edinipdir. Ony mahrum eýleme. Sen şeýle bir Jomart ki, älemiň bar zerreleri Seniň Merhemetiňe güwä geçýärler, Sen şeýle bir sahy ki, ähli barlyklar Seniň keremiňi boýun alýarlar.
    Bu bende bar zatdan geçip, Seniň Merhemet tanabyňdan we Seniň kerem donuň eteginden asylşyp, Saňa ýalbarýar we her halda Saňa ýüz tutup, Saňa şükür edýär. Eger ýalkasaň, sygynylýan Sensiň, eger-de gargasaň, hökümiňe baş egilýän Sensiň. Sen şeýle bir gudratly ki Seniň huzuryňda başgalar natuwan we ejiz görünýärler.
    Eý Kerim! Bu bendäni Öz erkinde goýma. Sensiň Kadyr we Başarjaň, Sensiň Rehimdarlygyň we Keremiň Eýesi.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

